29-njy Oktýabr Respublika Baýramy

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 93-nji ýyllygy bellenilip geçilýär

29-njy Oktýabr Respublika Baýramy

 

 

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 93-nji ýyllygy bellenilip geçilýär. 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda top atyşlary we buýsanç bilen bütin dünýä yglan edilen Türkiýe Respublikasy esaslandyryldy. 1-nji Jahan urşunda  Osman imperiýasynyň ýeňilmegi we ýurduň ýeňiji döwletler tarapyndan talanmagy ýurtda uly gynanç döredýär. Milli güýçler hökmünde guramalaşan we M.K. Atatürkiň öňbaşçylygynda birleşen Milli güýçler Azat edijilik söweşini başladýar. “latynyň esasy bölegi türklerden ybarat bolan etraplar türk serhetleriniň çäginde galmaly” diýilýän düşünjeden ugur alan göreşiň netijesinde 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda Baş serkerdelik Meýdan söweşinde üstün çykylmagy netijesinde basybalyjy güýçler häzirki Türkiýäniň çäklerinden kowlup çykaryldy. Ýaraşyk gepleşikleri bilen Strambulyň halas edilmegi, soň gazanylan Lozanna ylalaşygy bilen Osman imperiýasy taryh sahnasyndan düşýär we täze Türkiýe Respublikasy taryhdaky ornuny eýeleýär. 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabryna çenli dowam eden gepleşikleriň netijesinde Respublikanyň gurulmagy we Ankaranyň paýtagt yglan edilmegi bütin dünýä jar edildi. Respublikanyň esaslandyrylmagynyň 93-nji ýylynda M.K.Atatürkiň başda durmagynda milli gahrymanlary hormat bilen hatyralaýarys.

 



Degişli Habarlar