İbrahim Kalynyň “Dailý Sabah” gazeti üçin ýazan makalasy

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn Türkiýäniň Siriýada howpsyz zolaklaryň döredilmegi üçin eden çagyryşynyň gyssagly we halas edijidigini aýtdy

578013
İbrahim Kalynyň “Dailý Sabah” gazeti üçin ýazan makalasy

Kalyn “Dailý Sabah” gazeti üçin ýazan “Howpsyz zolaklar janlary, adamkärçiligimizi halas eder” söz başyly makalasynda, Halap ýanýarka dünýäniň synçy bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.

İbrahim Kalyn: “Halkara jemgyýetçiliginiň hereket etmezligi diňe Başar Asadyň barbarlygyna şert döreder, DAİŞ-iň howpyny ýaýbaňlandyrar we çekilýän adam pidalarynyň artmagyna sebäp bolar” diýip nygtady.

Halapdaky jenaýat toparynyň parahatçylyk ýa-da syýasy geçiş bilen gyzyklanmaýandygyny nygtan Kalyn: “Bu rehimsiz söweşiň soňky bäş ýylynda öwrenen zadymyz bar bolsa, ol hem howpsyz zolak döretmegiň şol perwaýsyz köpçülikleýin jenaýatlaryň, şäherleriň ýok edilmeginiň we müňlerçe bosgunyň Türkiýe bilen başga ýurtlara akyşynyň öňüni almak üçin ýeke-täk ýol bolandygy. Howpsyz zolaklar asuda ilatyň Siriýadaky urşuň ekiz wagşylary Asadyň ýolbaşçylyk edýän hökümeti bilen DAİŞ-iň perwaýsyzlyk bilen edýän jenaýatlaryndan goranmagyna goldaw berer. Bosgunlaryň sanyny azaldar we ýurduň içinde ýerinden-ýurdundan mahrum edilen adamlara sygynara ýer bolar. BMG-na we beýleki guramalara ynsanperwer kömegini ýetirmek üçin şert döreder” diýip ýazdy.

Kalyn Siriýada howpsyz zolaklaryň döredilmegi üçin bardygy aýdylýan kynçylyklaryň, hakyky aladalar däl, eýsem bahana ýaly görünýändigini, DAİŞ-e garşy göreşde üstünlik gazanylandygyny, onuň harby taýdan bolan howpynyň az däldigini nygtady.

İbrahim Kalyn makalasyny şeýle dowam etdirdi: “Siriýada howpsyzlyk zolaklary döretmegiň ýollaryny agtarmak jenaýatkär Asadyň hökümetine hüjümleriň bes edilmegi ýa-da parahatçylyk üçin ýalbarmak bilen deňeşdirilende syýasy we ahlak taýdan has ýerlikli. Halkara jemgyýetçiligi şol maksada ýetmek üçin dürli serişdelere eýe. Emma global syýasat gynandyryjy we utandyryjy ýagdaýda syýasy ygtyýardan hem-de ahlak gözýetiminden mahrum. Döwrümiziň esasy ahlak aýybyna adamkärçiligimiziň Siriýanyň halky bilen ölýändigi göz öňünde tutulanda geçirimlilik edilmeli däl.”



Degişli Habarlar