Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy

Watan üçin gahrymanlarça söweşen we bu ýurdy bize sowgat eden atalarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys

Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy

Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy. 1-nji jahan urşunda Osman döwletiniň ýeňilmegi we ýurduň topraklarynyň basyp alyjy güýçler tarapyndan basylyp alynmaga başlanmagy we grek goşunynyň Anadola gelmegi sebäpli Milli azat edijilik göreşi başlady. Birnäçe ýyl dowam eden Milli azat edijilik göreşiniň soňky halkasy 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda gazanylan Baş serkerdelik meýdan söweşi boldy. Şol ýeňiş  bilen garaşsyz Türkiýe respublikasynyň düýbi tutulmaga başlanýar. Garaşsyzlygyň kepilnamasy Türkiýe Respublikasynyň ýaragly güýçleri we türk halky 30-njy awgust ýeňiş baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Şol ýeňişiň gazanylmagynda esasy rol oýnan,  watan üçin gahrymanlarça söweşen we bu ýurdy bize sowgat eden atalarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys.

 



Degişli Habarlar