Kalyn Ysraýyl we Russiýa meselesinde möhüm beýanat berdi

Kalyn rus harby uçary sebäpli Türkiýaniň ötünç soramajakdygyny we jerime tölemejekdigini aýtdy

Kalyn Ysraýyl we Russiýa meselesinde möhüm beýanat berdi

Türkiýäniň Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary Ibrahim Kalyn Ysraýyl we Russiýa meselesinde möhüm beýanat berdi.

Kalyn telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat berdi.

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Kalyn, Gaza goýlan embargonyň bes edilmegi üçin Ysraýyl bilen geçirilýän gepleşiklerde käbir öňe gidişlikleriň edilendigini we Gaza ynsanperwer kömekleriniň bökdençsiz ýetiriljekdigini aýtdy.

Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin hem gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Kalyn, “Hamasyň Stambulda ofisi ýok, harby bazasy hem ýok. Hamasa harby taýdan tälim berilmedi. Hamas bilen gepleşik geçirmäge dowam ederis. Palestinanyň hökümeti bilen hem, Mahmud Abbas bilen hem aragatnaşygymyz dowam eder” diýdi.

Kalyn Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary hakynda hem durup geçdi.

Ibrahim Kalyn serhedi bozandygy üçin urlup düşürlen rus harby uçary sebäpli Türkiýaniň ötünç soramajakdygyny we jerime tölemejekdigini aýtdy.

Türkiýäniň Başas Asad hakyndaky tutumynyň üýtgemändigini aýdan Kalyn, “Asad bar mahaly Siriaýda içerki söweş gutarmaz” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar