Aprel aýynyň 15-22-si aralygy syýahatçylyk hepdeligi hökmünde kabul edilýär

Türkiýe 2023-nji ýyla çenli dünýäniň syýahatçylyk pudagynda esasy orun eýeleýän ilkinji 5 ýurduň hatarynda ýer almagy maksat edinýär

Aprel aýynyň 15-22-si aralygy syýahatçylyk hepdeligi hökmünde kabul edilýär

Türkiýede aprel aýynyň 15-22-si aralygy syýahatçylyk hepdeligi hökmünde kabul edilýär.

Dünýäde 20-njy asyr bilen birlikde syýahatçylyk pudagy ösmäge başlamagy tapawutly ýurtlaryň raýatlarynyň täze ýerleri we medeniýetleri tanamagyny we ýyllyk dynç alyşlaryny başga ýerlerde geçirmegini üpjün etdi.

Döwrümizde medeniýetden deňize, saglygy goraýyşdan sporda çenli syýahatçylygyň bärnäçe görnüşi ünsleri özüne çekýär. Türkiýe tebigaty, medeniýeti we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen 2023-nji ýyla çenli dünýäniň syýahatçylyk pudagynda esasy orun eýeleýän ilkinji 5 ýurduň hatarynda ýer almagy maksat edinýär.

Degişli edaradyr kärhanalar, hususy pudagyň wekilleri, ýurdumyzyň meýletin syýahatçylyk ilçileri, raýatlarymyz we ozal Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatlar bu maksada ýetmegimize uly goşant goşar.

Türkiýe tebigaty we müňlerçe ýyllyk medeni baýlyklary bilen dünýäniň çar tarapyndan geljek syýahatçylaryna garaşýar.


Etiketkalar: maksat , syýahatçylyk

Degişli Habarlar