Türkiýede zenanlar erkeklerden uzak ýaşaýar

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň “Hasabatlara görä zenanlar 2015" atly barlagynyň netijesine görä ilatyň 50,2 göterimi erkeklerden, 49,8 göterimi zenanlardan ybarat

446432
Türkiýede zenanlar erkeklerden uzak ýaşaýar

Türkiýäniň ilatynyň 39 million 511 müň 191-i erkekler, 39 million 229 müň 862-si zenanlar.

Barlagyň netijesine görä Türkiýede zenanlaryň ömri erkekler bilen deňeşdirilende has uzak.

Dogulyşda çaklanylýan ýaşaýyş möhleti Türkiýe boýunça 78 ýyl. Şol möhlet erkeklerde 75,3, zenanlarda bolsa 80,7 ýyl hökmünde anyklandy.

Türkiýede ortaça durmuş gurma ýaşy zenanlarda 23,9 bolsa, erkeklerde 27 ýaş hökmünde bellige alyndy.

Geçen ýyl zenanlaryň ortaça aýrylyşma ýaşy 34,8, erkekleriňki 39,1.

15 we ondan ýokary ýaşdaky ilatda iş güýjüne gatnaşyk mukdary 50,5 göterime barabar boldy.

Şol mukdar erkeklerde 71,3, zenanlarda 30,3 göterime deň.

Sowatlylyk ýagdaýyna görä iş güjüne gatnaşyk mukdary 16 göterim, ýokary bilimli zenanlaryň iş güjüne bolan gatnaşygy 71,3 göterime barabar.

Ankara Ýaş İşewür Adamlary Jemgyýetiniň geçiren barlaglaryna görä bolsa Türkiýede ýokary derejeli ýolbaşçy wezipelerde işleýän zenanlaryň sany Ýewropadakydan ýokarda.

Wagtyň sarp edilişi boýunça 2014-2015-nji ýyllarda geçirilen barlaga görä umumy Türkiýe boýunça zenanlar günün 4 sagat 17 minudynda öý we maşgala işleri bilen gyzyklanýar.


Degişli Habarlar