Gurban baýramyna bagyşlanan ýörite gepleşik

Bütin adamzadyň gurban baýramy gutly-mübärek bolsun!

353092
Gurban baýramyna bagyşlanan ýörite gepleşik

Şu gün agzybirligiň we jebisligiň çarpaýa galýan, hesrediň gutarýan baýramlaryndan, arkalaşygyň we özüňi allaga bagşetmegiň simwoly bolan gurban baýramynyň birinji güni.
Bütin adamzadyň gurban baýramy gutly-mübärek bolsun!


Gurban, allaga ýakynlaşmak we allanyň razylygyna eýe bolmak maksady bilen Hezreti Adamyň ogullary Habyl hem-de Kabyl bilen başlaýar. Hezreti Ybraýymyň allaga beren sözünde durmak üçin ogly Hezreti Ysmaýyly gurban etmäge synanşygy bilen dowam edýär. Allaga beren sözünde durmagy we oglunyň boýnuna pyjak goýan badyna perişdelerden biri bilen asmandan inen goç gurbanlyk öldürme däbiniň dowam etmegini ýola goýdy. Soňky ýyllarda gurbanlyk mal öldürmeklik mukaddes haj parazasynyň bir bölegi hökmünde sünnede öwrülýär. Soňky Pygamber Hezreti Muhammet bilen diňe hajylaryň berjaý edýän borjy bolmaklykdan çykarylyp, ähliumumy ybadada öwürldi. Hijri kalendaryna görä musulmanlar tarapyndan zilhijje aýynyň dokuzynjy güni aryfa, onunjy, on birinji we on ikinji günleri bolsa gurban öldürme günleri hökmünde atlandyrylýar.

Baýramçylyklar musulman ýurtlar üçin özboluşly günlerdir. Tehnologiýanyň ösmegi we durmuş şertleriniň özgermegi bilen däp-dessurlarymyz hem ýatdan çykarylýan bolsa-da baýramçylyklaryň jebisleşdiriji we birleşdiriji taraplary unudylmady. Wagtal-wagtal “nirde köne baýramçylyklar” diýýän hem bolsa, baýramçylyk günlerine hesret bilen garaşýarys. Baýramçylyklaryň jebisleşdiriji we arkalaşyp ruhy esasanda gurban baýramynda has ýokary duýulýar. Çünki gurbanlyk öldürmek hemmelere däl, eýsem girdejisi bolan adamlar üçin parzdyr. Musulman ýurtlarynyň esasy böleginde garyp hem bolsa adamlar gurbanlyk öldürmek üçin jan edýär. Ony mukaddes borç hökmünde kabul edýär. Şol borç jemgyýetçilik arkalaşygy üçin çagyryşdyr. Maddy taýdan mümkinçiligi bolmadyk, et iýip bilmeýän adamlaryň şu baýramçylyk arkaly ýylda bir gezek hem bolsa şeýle islegleri kanagatlandyrylýar. Öldürilen gurbanyň etiniň üçden biri öýe gelen myhmanlara, üçden biri maşgala agzalaryna, üçden bir bölegi bolsa garyp-gasara we goňşulara paýlanylýar. Şeýlelikde sosial arkalaşygyň iň ajaýyp nusgalaryndan biri musulman dünýäsinde başdan geçirilýär.

Gurban baýramynyň aladasy birnäçe hepde öňünden başlaýar. Şäherlerde mal bazarlary açylýar. Käbir adamlaryň özleri bakýarlar mallaryna, käbirleri bolsa satyn alarlar we gubanlyk gününe garaşarlar.
Maşgala agzalary täze egin-eşiklerini geýinip, myhmanlaryna garaşarlar. Ir-säher bilen turup, erkekler baýram namazyna giderler. Eneler irginsiz işlärler. Datlylar, nahar-şorlar olara garaşýar. Baýram namazy okalandan soň baýramlaşmalar başlar. Maşgala agzalary jemlenşip ilki birek-biregiň baýramyny gutlarlar, soň bolsa gurbanlyk öldürmek üçin işe girişerler. Kimisi öýüň howlusyndan öldürer, kimisi gassaphanada öldürer. Her bir öýde tapawutly hem bellenilýän bolsa baýramçylyklaryň başdan geçirdýän duýgulary tapawutlydyr. Adamlaryň ýüzünde egsilmez şatlyk we ýylgyryş bolýar. Ertirlikde täze bagyr ýa-da gowurdak bolar. Baýramda ähli maşgala agzalary jemlenşip, gowurdak iýerler. Eger maşgala agzalarynyň alysda ýaşaýan ýaşulylar bar bolsa olar telefon arkaly gutlanar. Ilki bilen aýatda bolsa ene-atalaryň baýramy gutlanar. Olara jan saglyk arzuw ediler.

Eziz ildeşler! Baýramçylyklar elbetde yslam dünýäsiniň her bir ýerinde şol bir şowhun bilen bellenilip geçilmeýär. Uýgurlar, palestinalylar, Siriýa, Yrak, İndoneziýa, Afrika bu baýramda-da gussaly. Olar üçin elbetde ýardam tagallasyny edýänler bar. Biz hem olaryň ýeke-ýalňyz däldigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris.
Gepleşigimiziň ahyrynda gurban baýramyňyzy ýene-de bir gezek gyzgyn gutlaýarys.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar