Wise-premýer Numan Kurtulmuşyň baýram ýüzlenmesi

Wise-premýer Numan Kurtulmuş yslam äleminiň Gurban baýramyny gutlady

148255
Wise-premýer Numan Kurtulmuşyň baýram ýüzlenmesi

 Täze hökümetde daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlardan, kowummdaşlardan we garyndaş halklardan jogapkär wise-premýer hökmünde bellendiňiz. Şol çäkde daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyza geljek barasynda nämeler aýtmakçy?


Wise-premýer Numan Kurtulmuş


“İlki bilen biziň gözegçiligimizde iş alyp barýan Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň alyp barýan işleri bilen hem hökümetimiz, hem-de bütin raýatlarymyz buýsanýar diýsek ýalňyşmarys. Diýseň gowy işleri durmuşa geçirýärler. İlki bilen şol hyzmatlar daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlarymyz, ikinjisi biziň garyndaş halklar atlandyrýan Türkiýäniň medeni deltasynda ýerleşýän Balkanlarda, Kawkazda, Ýakyn Gündogarda dünýäniň köp sanly künjeginde ýaşaýan adamlar, üçünji iş ugrumyz bolsa daşary ýurtlardan Türkiýä gelen adamlaryň, ýaşlaryň stipendiýalary. Şeýlelikde giň ugur boýunça iş alyp barýar. Ýagny nirede türk bar bolsa, şonuň meseleleri bilen gyzyklanýar, şolary çözmäge synanşýar. Hem biziň medeni deltamyzdan, hem-de bütin dünýäden adamlaryň şu taýa gelmegini üpjün etmäge synanşýar. İňňän möhüm iş alyp barýar. Durmuşa geçirilýän işleriň göwrümi ýylsaýyn artýar. İne biziň daşary ýurtlarda 6 million raýatymyz bar. Şonuň 5 milliony Ýewropada ýaşaýar. Awstraliýada, dünýäniň aňyr tarapynda 150 müň raýatymyz bar. ABŞ-da ýaşaýan onlarça müň raýatymyz bar. Latyn Amerikada-da ýaşaýan türk raýatlary bar. Şeýlelikde Ýewropadaky, Amerikadaky, Awstraliýadaky, Afrikadaky, Aziýadaky 6 milliona golaý türküň meseleleri bilen gyzyklanmaga synanşýar. Şolaryň raýatlyk meselelerinden beýleki ähli meselelerine çenli, şol ýerlerdäki türk jemgyýetçilik guramalary olaryň durmuş şertleri, ýaşaýyşlary we beýleki ähli meseleleri bilen gyzyklanyp, olara degerli goldawy bermäge synanşýar. Şeýlede Balkanlarda, Kawkazda, Ýakyn Gündogarda, dünýäniň beýleki sebitlerinde biziň medeni mirasymyza eýe çykylmagy, şol ýerlerdäki garyndaş halklar atlandyrylýan halklaryň işleriniň ýeňilleşdirilmegi taýdan-da möhüm işleri durmuşa geçirýär. Beýleki bir buýsanç beriji iş, häzirki wagtda 13 müň adama ýetdi, dünýäniň çar tarapyndan Türkiýede okamak üçin isleg bildiren ýaşlaryň seçilip alynmagy, soň ýokary okuw jaýlaryna ornaşdyrylmagy, ýaşaýyş jaý üpjünçiligi, bularyň ählisi biziň edaramyz tarapyndan durmuşa geçirilýär. Mysal üçin häzirki wagtda 13 müň talyp bar. Şu ýyl 4 müň stipendiýaly talyp kabul ediler. Muňa daşary ýurtlardan 80 müňe golaý abuturiýent tüz tutdy. Elbetde bu Türkiýä bolan gyzyklanmany hem görkezýär. Onuň artmagy Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň uly goşandynyň bardygyny görkezýär. Şeýlelikde biz nirede ýaşaýan türk bar bolsa, şonuň meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanmaga synanşýarys. Daşary ýurtlardaky raýatlarymyzyň öz ýurtlaryndaky utgaşyklyk meseleleriniň çözülmegi ugrunda tagalla edýäris. Germaniýada ýaşaýan 3 million raýatymyzyň başda durmagynda Awstraliýada, Fransiýada we beýleki Ýewropa ýurtlaryndaky raýatlarymyzyň utgaşyklyk meselelerinde, beýleki kynçylyklarynda goldaw bermäge synanşýarys. Elbetde Ýewropadaky beýleki bir mesele bolsa günsaýyn artýan rasizm we islamafobiýa. İndi milletparazlyk has howply ýagdaýa geldi, daşary ýurtlardan gelenleri halamaýan, olaryň ýurtlaryna dolanmaklaryny isleýän, olary öz ýurtlarynda görmek islemeýän gatlak bar. Elbetde bu Ýewropanyň ähli ýerinde beýle däl. Germaniýada bar, Fransiýada-da bar, başga ýurtlarda-da bar. Emma netijede uly howp emele getirýär. Esasanda yslam düşünjesine çynlakaý käbir operasiýalaryň bardygy, bir tarapda YDYD guramasy we şuňa menzeş guramalaryň, kelle kesýän, jenaýat işleýän, çetleşdirýän, zulum edýän, adamlara nähak çemeleşýän, yslamy şeýle gan dökmek, terrorçylyk etmek bilen deň görkezýän garaňky İslamafobiýa lobbisi bar. Şeýlelikde bularyň ählisine garşy biz hüşgär bolmaly, hem umumy manyda hem-de bizin medeniýetimiziň esasy bölegini emele getirýän yslamyň güler ýüzüni günbatar dünýäsinde görkezip bilmek, hem-de İslamafobiýa we beýgelýän rasizmiň hüjümlerinden raýatlarymyzy goramak üçin degişli tagallalary durmuşa geçirmek gerek. Daşary ýurtlardaky türkler we gadyndaş halkar edarasy beýleki tarapdan-da ine şu ugurda iş alyp barýar we elimizden gelişine görä hem Türkiýä bolan garaýyşy hem-de musulmanlyga bolan çemeleşmäni gowulandyrmak, şol ýurtlardaky raýatlarymyzy şu manyda ynjaltmak üçin iş alyp barmaga synanşýar.”

 

“Gurban arkalaşygyň we paýlaşmagyň iň ajaýyp nusgasy. Emma elbetde sözüň doly manysynda şatlykly bolmadyk baýramyň öň ýanynda durus. Dünýäniň köp sanly ýurdunda musulmanlar uly kynçylyklary başdan geçirýär. İne şu şertlerde gurban baýramy barada nämeler aýdarsyňyz. Siziň baýramçylyk ýüzlenmäňizi alaýsak.”


“Dogry aýdýarsyňyz. Biz gurban baýramyny bütin dünýäde, ähli musulmanlaryň sözüň doly manysynda baýramçylyk atmosferasynda garşy almagyny arzuw edýäris. Emma gynansagam biziň ýakyn sebitlerimizde, mysal üçin Siriýadaky wakalary, Yrakdaky wakalary görýärsiňiz. Siriýada soňky bir aýyň dowamyndaky wakalar Türkiýä ýakyndan täsir ýetirýär. İlki bilen ýezidileriň göç tolkuny, 36 müňe golaý adam Türkiýä geldi. Hemmelere serhetlerimizi açdyk, diline, dinine, messebine seretmezden gelenleriň ählisini kabul etdik. İndi bolsa 24 müňe golaý… Bulary şunuň üçin aýdýaryn, esasanda Ýewropada, günbatar dünýäsinde käbir adamlar “serediň, türkler sünni araplary kabul ederler, emma ýezidileri kabul etmezler, kürtleri kabul etmezler” diýip, gara propoganda alyp bardylar. Emma Türkiýäniň bu gadyrlylygy, goňşuçylygy sebäpli utandylar, ýüzleri gyzardy. Ýedizileri kabul etdik, yzýanyndan Kobaniniň golaýynda YDYD guramasynyň guran hüjümleri sebäpli gaçan kürt doganlarymyza serhetlerimizi açdyk. 19-njy sentýabrda bir günüň dowamynda, hatda-da 18 sagadyň dowamynda 70 müň siriýaly kürt doganlarymyzy Türkiýä kabul etdik. Bir adamyň burnuny ganatman, şeýle köp adamy kabul etmegiň hötdesinden geldik. Dünýäde başga ýurt bolmasa gerek. Şeýlede 3 günüň dowamynda Türkiýä gelenleriň sany 158 müňden geçdi. Şeýlelikde Türkiýe bu tarapdan dünýä görelde bolýar. Sebitiň asudalyk adasy hökmünde gelenleriň ählisine gapysyny açýar. Biri kömek sorap elini uzadan bolsa ony yzyna itmeýär. Ona elinden gelen goldawy, kömegi bermäge synanşýar.


2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri, ýagny siriýaly bosgunlar meselesi başlaly bäri 1,5 milliona golaý siriýalyny kabul etdik. Onuň agyr ykdysady ýüki bar. Käbir sosial jogapkärçilikleri bar. Bulary bilýäris, emma ýüzümi asman, goňşuçylyk, garyndaşlyk, dostluk duýgularyny ynjytman, ählisini kabul edýäris. Şuny hem buýsanmak bilen aýtmak isleýärin. Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz bilsinler, dünýäde häzirki wagtda ynsanperwer kömek taýdan Türkiýe dünýäde üçünji ýerde. ABŞ we Britaniýa başda durýar. Elbetde girdejä görä alanymyzda Türkiýe birinji ýerde. Türkiýe şu hakykaty ýüze çykarýar: ykdysady, maliýe taýdan güýçli bolmak hökman däl, ýüregiň, kalbyň güýçli bolmagy, baý bolmagy möhüm. Türkiýe taryhdan gelýän jogapkärçiligi, tejribesi bilen şol köňül baýlygyny hem görkezýär we ine şol jähtden dünýäde birinji ýerde durýar. Size käbir sanlary mysal getirmek isleýärin. üç ýylda 1,5 million adam geldi, 158 müň adam geldi, diýdim. Bular biziň üçin sandan ybarat. Emma öýüni, ýurduny, obasyny, garyndaş-doganlaryny, ýaşaýan durmuşyny taşlap, bosgunlyga sezewar bolan adamlary göz öňüne getiriň! Bular baýramy boýny buruk geçirýän adamlar. Bular garaňkylyga göçüp gelen adamlar. Nirä, nähili ýere, haýsy şertlere geljekdigini bilmän gelen adamlar. Has agyr şertlerde ýaşaýanlar bar. Ölenler, öldürilenler, Mýanmadan Palestina çenli her gün agyr howplara sezewar bolýanlar. Musulman ýurtlaryndaky içerki çaknyşyklaryň emele getiren kynçylyklaryna garşy göreşýänler. Garyplyga, göçe, ýaraglar, bombalar bilen göreşýänler… Hudaýa şükür Türkiýe 1990-njy ýyllardan bäri ilki Balkanlardan, soň Kawkaz, son Ýakyn Gündogar, soň Demirgazyk Afrika, indi bolsa Gündogar Ýewropa ýurtlarynda, çylşyrymly, durnuksyz sebitlerde durnuklylyk adasy ýaly ýoluna dowam edýär. Türkiýäni durnuklylyk adasy hökmünde galmagy üçin doga edýäris. Türkiýe syýasy we ykdysady durnuklylygyny gorap saklasyn. Türkiýe parahatçylykly şertlerde dünýäden gelýän ýardam isleglerine ýetişýän ýurt bolsun. Emma iň esasysy, hiç kimiň hiç kime mätäç bolmadyk, asudalygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň höküm sürýän dünýäsi gurulsyn. Hezreti Pygamberiň hadyslaryndan birini ýatlatmak isleýärin. “Men şeýle bir döwri hyýal edýärin welin: musulman halkary Hadramutdan ýola düşen garry aýal, hiç hile howpa sezewar bolman tä Damaska, Halaba çenli gelsin.” Biz şeýle sebitin gurulmagy üçin tagalla edýäris, doga edýäris. Enşalla şeýlede bolar. Men pursatdan peýdalanyp daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyzyň ählisiniň, 6 milliondan gowrak türkiýeli raýatlarymyzyň biziň arzuwlarymyza goşuljakdygyny bilýärin. Olaryň gurban baýramyny gutlaýaryn. Şu gurban baýramy mynasybetli paýlaşmagy, dostlugy, arkalaşygy, garyndaşlygy, goňşuçylygy ýaňadandan ýatlajakdyklaryny bilýärin. Daşary ýurtlarda bolsalar hem, iň alysda hem bolsalar… Türkiýäniň hesretini çekýänleriniň hesretleriniň nähili uludygyny bilýärin. Olar hem baýram mynasybetli dogan garyndaşlary bilen didarlaşarlar. Hemmelere ýagty geljek arzuw edýärin. Ähli doganlarymyzyň, türkiýeli raýatlarymyzyň asudalyk, parahatçylyk şertlerinde, saglykly ençeme baýramlara ýetmegini arzuw edýärin. Köneler aýtmyşlaýyn: Alla ähli tamalaryny puja çykarmasyn, bela-beterden daş etsin, ähliňiziň baýramyny gutlaýaryn.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar