Oraz aýyna bagyşlanan ýörite gepleşik

Türkiýede we bütin musulman ýurtlarynda Oraz aýynyň gözellikleri başdan geçiriler

Oraz aýyna bagyşlanan ýörite gepleşik

Musulman dünýäsinde “11 aýyň soltany” häsýetlendirilýän Remezan aýy şu gün başlady. Şu günden başlap bir aý möhlet bilen Türkiýede we bütin musulman ýurtlarynda Oraz aýynyň gözellikleri başdan geçiriler.
Musulmanlaryň mukaddes kitaby Gurhan Oraz aýynda ýer ýüzüne inmäge başlandygy üçin bu bir manyda Gurhan aýydyr. İne şol sebäpden beýleki aýlara seredilenda özboluşly many aňladýar.
Yslam dininiň başlangyç ybadatlaryndan biri hem Oraz aýynda agyz beklemekdir. Gurhanda Oraz aýynyň we oraza tutmagyň ähmiýeti şeýle beýan edilýär: “Remezan aýy adamlar üçin bagtlylygyň ýolbeledi, dogry ýoluň, haky we nähaky, halaly we haramy bir-birinden tapawutlandyrmagyň açyk delillerini özünde jemleýän Gurhanyň ýer ýüzüne indirlen aýydyr. Eger şeýle bolsa siziň araňyzda bu aýda ýaşaýanlar oraza tutsunlar…”
Oraza, Gurhanda-da beýan edilşi ýaly yslamyň ozalky ýeke hudaýly dinlerde-de bar bolan we irki döwürlere çenli uzap gidýän ybadatdyr. Oraza adamyň niýet edip, daňyň atmaga başlamagyndan günüň batmagyna çenli nebsine höküm etmegi manysyny aňladýar. Şol möhletde iýmekden, içmekden daşda durulmaly. Orazada nebse, arzuwdyr isleglere höküm edip, mätäjiň halyny duýmak bardyr.
Oraz aýynyň agyz beklemekden daşgary ybadatlaryndan biri hem tarawa namazydyr. Tarawa Oraz aýyna degişli gijeki namazdyr. Ýassy namazyndan soň okalýar. Aýal-erkek her bir musulman üçin hökmany bolan namaz däl. Emma sogapdyr. Ýekelikde okalyp bilnişi ýaly jemagat bilen okalmagy has ýerlikli hasap edilýär.

Oraza, aý kalendaryna görä tutulýar. Kamary aýlar gün kalendaryndaky aýlara görä her ýyl 10 gün yza süýşýär. Şeýlelikde Remezan orazasyna her ýyl on gün ir başlanýandygy üçin Remezan aýy takmynan 33 ýyl ýylyň ähli pasyllaryna gabat gelýär. Bu musulmanlaryň dürli pasyllarda oraza tutmagyny we şeýlelikde her pasylyň kynçylyklaryna öwrenişmeklerini üpjün edýär.
Dünýädäki sebitleriň arasynda uly tapawutlylyklar bar. Mysal üçin demirgazyk ýarym şarynda gyş pasly başdan geçirilýän bolsa günorta ýarym şarynda tomus pasly dowam edýär. Eger oraza gün kalendaryna görä belli pasyllarda tutulýan bolsady käbir ýurtlardaky musulmanlar ömür boýy yssy pasyllarda we uzyn günlerde oraza tutýarka, bir bölegi elmydama gysga gyş günlerinde tutmaly bolardy. Başga bir söz bilen aýdylanda käbir musulmanlar orazany elmydama ýeňillik bilen tutýan bolsa käbirleri kynçylyk bilen tutmaga mejbur bolardy. Orazanyň ýylyň ähli pasyllaryny nobaty bilen aýlanýan aý kalendaryna görä tutulmagy arkaly ine şol kynçylyklar ortadan aýrylýar.

Oraza tutmaklyk ýönekeý aç galmaklyk meselesi däldir. Oňa diňe bir tarapdan çemeleşmek diýseň ýalňyş bolar. Gurhanda orazanyň parz kylynandygyny beýan edýän aýadyň ahyrynda “özüňizi goraň” sözi orazanyň manysyna üns çekýär. “Eger şeýle bolsa agzy bekli adam erbet söz aýtmasyn. Özi bilen dawalaşmak isleýän adama iki gezek orazalydygyny aýtsyn” diýip, buýurýar. Galkanyň eýesini duşmandan goraýşy ýaly oraza hem adamy erbetliklerden we günä etmekden gorar.
Agyz beklän adam, adam oglunyň bir lukma çörege, bir owurt suwa mätäçdigini, güýji, eýeleýän wezipesi näme bolsa bolsun, Allanyň öňünde ejizligini duýar. Adam ogly oraza tutmagyň netijesinde harsy dünýälikden çetleşer, nebsiň islegdir-arzuwlaryny ýaňadandan gözden geçirer, ruhy duýgularyny dikelder.
Oraza adama elmydama Allany ýatladar, jogapkärçilik duýgusyny kämilleşdirer. Ol adamy erbet endiklerden saplaýan, gelşiksiz hereketlerden çetleşdirýän we gowy endikler edindirýän ahlak tälimidir. Oraza tutup, belli bir möhlet näz-nygmatlardan daşda galmak adama olary aýawly saklamagy, isrip etmezligi, şol nygmatlary beren Allaga şükür etmegi öwreder. Bir aý dowam edýän şol ruhy tälimiň netijesinde Alla gorkusy kalplara ornaşar.
Remezan aýynyň dowamynda adamlar arkalaşyga, ýoksullara goldaw bermäge hem ünsli çemeleşýärler. İne şol jähtden Oraz aýynyň jemgyýetçilik tarapy hem bar. Musulmanlar zekatlaryny şol aýda berýärler. Agzaçar saçaklaryna myhman çagyrylyp, dostluk we paýlaşma duýgusy güýçlendirilýär. Şäherlerde ýerli häkimiýetler agzaçar çadyrlaryny gurup ýoksullara bir aýyň dowamynda agzaçar berýärler. Maksat Remezanda her bir adamyň bagly bolmagyny üpjün etmek.
Oraz aýynyň ruhy atmosferasynda parahatçylykly we asuda durmuşyň bütin musulman dünýäsinde hemişelik bolmagyny arzuw edýäris.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar