Nasretdin Hoja Ependä bagyşlanan ýörite gepleşik

Nasreddin Hoja, ýagny Ependi bütin dünýäde söze çeperligi bilen tanalýan, Anatoliýanyń iń degişmeçi alymlarynyń biri

Nasretdin Hoja Ependä bagyşlanan ýörite gepleşik

Ependi günlerden bir gün eline ullakan bir tabagyń içinde gatyk gönezligi bilen kölüń gyrasyna gelip, gönezligi çemçeläp köle guýmaga başlanmyş. Ependini gören adamlar, Ependiden näme edýändigini sorapdyrlar. Ependi ýumşakdan gülüp, “köle gönezlik goýdum” diýýär. Geń galan halaýyk; “Ependi beýle-de zat bolarmy. Köl gatygyń gönezligini tutarmy” diýip soranda, Ependi jogabyny berýär: “Belkem tutaýsa näme”…
Nasreddin Hoja, ýagny Ependi bütin dünýäde söze çeperligi bilen tanalýan, Anatoliýanyń iń degişmeçi alymlarynyń biri. “Belkem tutaýsa näme” Ependiniń iń belli anekdotlaryndan biri. Bolmajak hyýallaryń yzynda ylgaýan adamlara ders bermek maksadyny gülküli ýagdaýda beýan edýän bu degişme Halkara Akşehir Nasreddin Hoja Festiwalynyń esasy temalarynyń biri. Türkiýäniń iń esasy festiwallaryndan biri bolan Nasreddin Hoja festiwaly iýyl aýynyń 5-10-y aralygynda Konýanyń Akşehir etrabyny şatlandyrýar. Festiwal 4-nji iýul güni Nasreddin Hojanyń türbetden dabara çagyrylmagy bilen başlaýar. Akşehir kölüne gönezlik goýmaga gidilýär we festiwal 10-nji iýul ýary gijä çenli dowam edýär. 1959-njy ýyldan bäri iýul aýynyń başynda dünýäniń dürli ýurtlaryndan alymlar, sungat ussatlary we edebiýatçylar festiwalda medeni gymmatlyklaryny paýlaşýarlar. Aýdym-saz we tans çykyşlary, surat we karrikatura sergileri, teatr we film görkezlişleri halkyń alty günüń dowamynda sungat hem-de sungat ussatlary bilen eriş-argaç bolmaklaryna şert döredýär. 1959-njy ýyldan biziń günlerimize çenli köp sanly meşhur sungat ussady Akşehiriń satira ussady Ependiniń obrazy bilen onuń çuńńur satira düşünjesini biziń günlerimize çenli alyp gelipdir.
Nasreddin Hojanyň ömür beýany bilen baglanşykly anyk maglumat ýok. Çeşmelere görä Eskişäher welaýatynyň Siwrihisar etrabynyň Hortu diýen ýerinde dünýä inipdir. Oba mollasy bolan kakasyndan Arapça we din derslerini alypdyr, kakasyndan soň gysga wagtlygyna obasynda mollaçylyk edipdir. Siwrihisar we Konýa medreselerinde okapdyr. Seýýid Mahmud Haýrana tabyn bolyp, onyň bilen birlikde Akşehire ýerleşipdir we bu şäherde aradan çykypdyr. Bir rowaýata görä Nasreddin Hoja medresede ders berip, kazylyk hem edipdir. Bu sebäpli Nasreddin Hoja adyny alandygy hem aýdylýar.
Nasreddin Hojanyň durmuşy bilen baglanşykly maglumatlar, halkyň oňa bolan aşa söýgisi sebäpli rowaýatlara goşulyşyp gidipdir, käte adatdan daşary aýratynlyklara eýe bolypdyr. Olaryň arasynda onyň Seljukly soltany bilen tanyşandygy, Möwlana Jelaleddin Rumy bilen ýakyn gatnaşyk edendigi, özünden azyndan 70 ýyl soň ýaşan Timur bilen söhbetdeş bolandygy, birnäçe ýerde şol bir wagtda görülendigi hem bar.
Nasreddin Hojanyň gymmaty, başdan geçiren wakalary bilen däl, özüniň we halkyň, onyň adyndan aýdýan degişmelerindäki many, tankyt we analiz faktorlarynyň inçeligi bilen ölçenýändir. Oňa degişli bolandygy öňe sürilýän degişmeler analiz edilen mahaly, ulanylýan sözleriň manylaryndan ol belli dörüň däl, Anadoly halkynyň durmuş pelsepesini, degişme faktoryny, oýun etme we gülüşme görnüşini, öwgi we tankyt ussatlygyny beýan edendir. Onyň bilen baglanşykly degişmeleriň esasy temasynda söýgi, tankyt, öwgi, oýun etmek, gülkünç ýagdaýa düşürmek, öz özi bilen gapma garşy ýagdaýa sezewar bolmak, şerigatyň berk kadalarynyň öňünde inçe we teýeneli sözleri bilen ýumşaklygy saýlap almaklyk bardyr. Ol, bulary aýdýarka alym, bisowat, mekir, sada, äwmezek, utanjaň, dogumly, hilegär, gorkak ýaly gapma-garşylykly aýratynlyklara eýe bolýandyr. Esasanda ýanyndakynyň ýagdaýy bilen gapma-garşy ýagdaýa düşmek, degişmeleriniň esasy faktorydyr. Bu faktorlar Anadoly adamsynyň belli wakalaryň öňündäki tutumyny beýan edýän düşünje önümlerini emele getirýändir.
Nasreddin Hoja, ähli degişmelerinde hyýaly obraz hökmünde dälde, başdan geçirilen waka bilen, bir faktor bilen baglanşyklykda ýüze çykýandyr. Waka dogursyndaky garşylygyny ýa-da razylygyny satira görnüşlerinden biri arkaly beýan edýändir. Şaýatlyk edýän wakalary umuman halkyň arasynda bolyp geçýändir. Ependi, asylzadalaryň, ýokary gatlagyň arasyna diýseň seýrek barýandyr, ýa-da hiç barmaýandyr. Mysal üçin onyň tanyşandygy rowaýat edilýän Seljukly soltanlary bilen baglanşykly degişmesi ýokdyr.
Nasreddin Hojanyň degişmelerinde beýan edilýän, onyň şahsynda halkyň duýgylaryny beýan edýän beýleki bir aýratynlyk bolsa eşegiň tutýan ornydyr. Ependi eşeginden aýry göz öňüne getirlip bilinmez. Onyň ulagy bolan eşek, hakykat ýüzünde tankyt we satira faktorydyr.


Ependi, dünýäniň çar tarapynda tanalýan ussat. Uýgurlar, Özbekler, Türkmenler, Gazaklar, Azerbaýjanlar we beýleki dürli Türki halklaryň arasynda öz meşhurlygyny saklap gelýar. Hat-da käbir Ýewropa ýurtlarynda-da onuň degişmeleriniň aýdylýandygy barasynda deliller bar.
Dilden dile geçip biziň günlerimize çenli gelip ýeten Ependiniň degişmeleri ilkinji gezek 15-16-njy asyrlarda ýazylypdyr. Ependiniň adynyň agzalýan ilkinji çeşme bolsa Abul Haýr Rumynyň “Saltyknamasy”. Abul Haýr Rumy Fatih Soltan Mehmediň şazadasy Jem Soltanyň ýanyndaky hyzmatkärlerden biri. 1570-nji ýyllarda bolsa golýazma žurnallarda Ependiniň degişmeleri çap edilipdir. Ependi barasynda soňky döwürlerde ýazylan köp sanly kitabyň ilkinjisi bolsa Albert Wesselskiniň iki tomluk ýygyndysydyr.

Günlerden bir gün birnäçe adam Ependini ýolda saklap “dünýäniń ortasy niresi” diýip soraýar. Epende 5-10 ädim ýöräp, hasasyny ýere dürtýär we “ine dünýäniń ortasy şu taýy” diýip jogap berýär. “O nähili beýle bolýar” diýenlere bolsa “Eger ynanmaýan bolsańyz ölçäp göräýiń” diýip jogap berýär.
Eger siz hem dünýäniń ortasyna aýak basmak isleýän bolsańyz Ependiniń Akşehirdäki türbedibi zyýasat edip, türbetde “dünýäniń ortasy” ýazylgy daşyń üssüne çykyp, “Dünýäniń bu raýaty Ependiniń öńünde dünýäniń ortasyna gadam basdy. Ynanmaýan ölçesin” ýazylgy şahadatnamańyzy alyp bilersińiz.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar