Musulman dünýäsine ýüzlenme…

Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez messep çaknyşyklarynyň yslam dünýäsine howp salýan çäge ýetmegi sebäpli parasatlylyga çagyrdy

Musulman dünýäsine ýüzlenme…

Görmeziň türk dilinde ýazan teksti: arap, fransuz, iňlis, pars, nemes, rus we kürtçäniň kyrmanji hem-de sorani dialektlerine terjime edildi.

Musulman dünýäsine 8 dilde “parahatçylyk we doganlyk” çagyryşy…

Metbugata beýanat

Musulman dünýäsinde başdan geçirilýän çykgynsyzlyklar, syýasy we harby dartgynlyklar, messebe meşrebe esaslandyrylmak islenilýän çaknyşyklar musulman dünýäsiniň howpsyzlygyna wehim salýan çäge baryp ýetdi. Soňky gezek Mosulyň başda durmagynda Yrakda we Siriýada başdan geçirilen haos dartgynlygy has-da güýçlendirdi. Bu möhletde berilen iki taraply hoşniýetsiz beýanatlar, jihad yglan etmeler, mukaddes ýerleriň ýumuryljakdygy barasyndaky abaý-syýasatlar, adam ogurlamak we öldürmek golaýlap gelýän köpçülikleýin pajyganyň habarçysyna meňzeýär. Bu wakalar çäginden çykyp, yza dolanmasyz derejä ýeten halatynda musulman dünýäsinde gumanitar, jemgyýetçilik, dini we messep taýdan bölünmeleriň bolmagy gutulgysyz ýagdaýa geler.
Şol çäkde hemmeleriň meseläniň çözülmegi üçin bilelikde hereket etmäge we şu aşakdakylara ünsi çemeleşmäge çagyrýarys.
1. Musulmanlyk ähli messep, meşsep, geografik, etniki, syýasy taraplardan ýokarda durýar. Haýsydyr bir guramaçylyk musulman doganlygyny we bitewiliginiň bozulmagyna ýol bermeli däl. Gurhan we sünnet, adamlaryň biri-birine janyny, ganyny, emlägini we namysyny eldegirilmesiz kylýar. Nähak ýerden bir adamyň ganyny dökmek dini taýdan iň uly günä hasaplanylýar.
2. 1400 ýyldan bäri uly pidakärlikler bilen şu günki günlere gelip ýeten jemgyýeti dine, messebe we etniki özboluşlyga esaslanýan usullar bilen dolandyrmak mümkin däldir. Hiç kim ýa-da haýsydyr bir topar başgasynyň ynanjyna, gymmatlygyna we pikirine garşy uruş yglan edip bilmez. Her bir adam ýaşaýan topragynda taryhy gazananlaryna laýyklykda azat-erkin ýaşamak hukugyna eýe. Şuňa laýyk gelmeýän her bir hereket we çemeleşme salamyň we amanlygyň ýurdy bolan şol topraklarda pitneçi hökmünde görülmeli.
3. Taryhy etapda emele gelen ähli beýt we ähli sünnet däperlni biri-birine garşy hasaplap, şolar arkaly güýç bäsleşigine girmek uly pitnedir. Ähli beýt hem ähli sünnedem Hezreti Pygamberimizdendir. Olaryn çaknyşmagyny goldamak asla kabul edilip bilinmez.
4. ähli musulman toparyň, sektalaryň ýa-da jemagatyň öz dini garaýyşyny üýtgewsiz kabul edip, beýleki garaýyşlary gyraklatmagy, çetleşdirmegi, çetleşdirilenleri ölüme mejbur etmegi asla kabul edilip bilinmez. Şeýle düşünjeleri legallaşdyrjak ähli çemeleşmäniň, düşünjäniň we garaýyşyň yslamdan goldaw tapmagy münkin däl.
5. Men musulman diýýän her bir adam yslamyň çägindedir. Hiç kimiň hiç kimi musulmanlykdan çykarmaga ygtyýary ýokdur. Takfire esaslanýan güýçler taryhda musulman wyždanlar tarapyndan nähili höküm edilen bolsa, şu günki günde-de täzeden ýüze çykan şol garaýyşlaryň ähliumumy wyždan tarapyndan ykrar edilmejekdigi mälimdir. Parasatly we wyždanly her bir musulman ukyby we parasatlylygy bilen şeýle güýçleriň kök salmagyna asla ýol bermezler.
6. Bähbide esaslanýan çaknyşyklara gurban bolan goragsyz adamlaryň, çagalaryň, aýallaryň we garrylaryň ýok edilmegine, adamlaryň ýerinden-ýurdundan sürülmegine esaslanjak güýjüň özüni yslam bilen baglanşdyrmagy mümkin däldir.
7. Käbir töwerekleriň Nejefde we Kerbelada ýerleşýän ähli beýdiň sarpalanýanlary bolan Hezreti Ali, Hezreti Hüseýin we Abul Sadl Abbas ýaly ruhany şahslaryň gubyrlarynyň ýumurljakdygy barasyndaky abaý-syýasatlary asla kabul edilip bilinmez. Eýsem Nejef we Kerbela ýaly saýlama ýerler Hezreti Ali, Hezreti Hüseýin we Abul Sadl Abbas ýaly ähli sünnediň sarpalanýan adamlary şaýylaryň ýa-da sünnileriň däl, eýsem bütin yslam ummadynyň umumy gymmatlygydyr.
8. Edil şonuň ýaly-da käbir töwerekleriň gymmatlyklaryna garşy yglan etmegi hem kabul edilip bilinmez. Eýsem gurhan we sünnet musulmanyň musulmana janyny we ganyny halal görýän jihady emretmeýär. Şu günki günde musulmanlaryň bütinleý ýüz tutmaly iň uly jihady batyl ynançlara, garyplyga, bisowatlyga, pitnä we tafrika garşy edilmeli jihatdyr. Hiç kim zuluma garşy jihad edýärin diýip zulum çekilmäge sebäp bolunmagyny ykrar edip bilmez.
9. Şu tapgyrda şahsy taýdan alymlardan we dini guramalardan yglan edilen fetwalar diýseň aladalandyryjy. Şu günki günde alymlaryň üstüne düşýän esasy jogapkärçilik musulman halklaryň bölünmegine sebäp boljak fetwalary bermegiň deregine, musulman dünýäsindäki tapawutlyklary rehnet, baýlyk hökmünde kabul edip, parahatçylykly durmuşda jebis ýaşamagyň ahlagyny we hukugyny täzeden dikeltmekdir. Şu günki günde messep çaknyşygyny we akýan gany duruzmaýan sözüň gymmatynyň bolmaýşy ýaly, gan akmagyna sebäp boljak fetwalaryň hem gymmaty ýok. Eger şeýle bolman halatynda bütin yslam älemi jenaýat ýerine, ähli yslam alymlary hem günäkärleriň şärigi bolar. Başdan geçirilýänlere diňe alada bilen syn etmek ýeterlik däl. Gynandyryjy netijeleri ýüze çykarjak çaknyşyklaryň öňüni almak üçin ähli dini ýolbaşçylar we alymlar agzybir hereket etmeli. Ol ählimizin dini, ahlak we wwyždan borjumyz.
10. Gyzgyn çaknyşyklaryň dowam edýän ýerlerindäki dini edaradyr guramalaryň wekilleri bir ýere jemlenşip Yrakdaky we Siriýadaky çaknyşyklaryň sebäbine dini we ahlak taýdan çözgüt tapmak üçin işe girişmeli. Yslam dünýäsindäki dini-ruhany ýolbaşçylardan dörediljek topar messebe esaslanýan bölünşikleriň ortadan aýrylmagy üçin tagalla etmeli. Halkara derejesindäki musulman guramalary jogapkärçilik almaly. Din işleri guramamyz bu ugurda iş alyp barmakdan hoşal bolar.
Halk köpçüligine hormat bilen ýüzlenýäris.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar