Stambulyň zabt edilen günü

Stambulyň zabt edilen gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

Stambulyň zabt edilen günü


“Ýa men Stambuly alaryn, ýa-da Stambul meni…”

Dünýä höküm etmek islänler, beýik akyldarlar. Entek 21 ýaşyndaka Osman döwletiniň 7-nji patyşasy hökmünde tagta çykan Mehmet 2-nji hem dünýä höküm edip biljek zehine, sowada we ygtyýara eýedi. İne şol sebäpden hem “Ýa men Stambuly alaryn, ýa-da Stambul meni” diýip biljek derejede erjel bolupdyr. Atasy Ýyldyrym Beýazydyň 1390-njy ýylda almaga synanşan, emma alyp bilmedik dünýä şäheri ol zabt edýär we yslam dininiň pygamberi Hezreti Muhammediň buşlugyna eýe bolýar.

Stambul… Taryhy asyrlardan gözbaş alýan, Ýewropa bilen Aziýa materikleriniň kesişýän nokadynda ýerleşýän dünýä şäheri.
Stambul taryh boýy döwrüniň güýçli ýurtlarynyň şalarynyň, soltanlarynyň hyýalyny bezäpdir. B.e.ozalky 340-njy ýylda Makedon şasy Filip oňa eýe bolmak arzuwy bilen Stambuly gabaw astyna alýar. Osman döwletiniň häkimiýetine çenli 29 gezek gabaw astyna alynypdyr.,
Ony zabt eden, dünýäniň iň gözel şäherine ornaşan her bir medeniýet öz möhürini basypdyr Stambula. Gözelligine gözellik, baýlygyna baýlyk, medeniýetine täze öwüşgünler goşupdyr. Tapawutly swilizasiýalara ýer eýeçiligini eden Stambul asyrlar boýy dürli dinlere uýýanlaryň, kowumlaryň, dilleriň bilelikde ýaşan dünýä şäheri bolupdyr.
Stambula höküm eden Ýewropa, Aziýa we Afrika materikleriniň kesişýän sebitiniň jedelsiz ýeke-täk hökümdary bolup, dünýä taryhynda çuňňur yz galdyrypdyr.
330-njy ýyldan başlap nobaty bilen Rim, Wizantiýa we Latyn imperiýalaryna paýtagtlyk edipdir. Şol üç imperiýa hem döwürleriniň iň güýçli, baý döwleti hökmünde taryhdaky orununy alypdyr.
1451-nji ýylda Osman döwletiniň başyna geçen Mehmet 2-nji ine şol taryhy hakykatlara ýaşdygyna seretmezden göz ýetirip biljek derejede gowy ýetişdirilen soltandy we onuň hyýalynda-da Stambuly zabt etmek bardy.
Osman döwleti şol döwürde ähli kynçylyklary ýeňip geçip, ýaňadandan güýçlenýär we indi sebitde doly höküm sürjek güýje eýe bolýar. Osman döwleti Rumeliýada ýeňişden ýeňiş ylgaýar, täze ýerleri zabt edýärdi. Emma Mehmet 2-nji üçin ol ýeterlik däldi. Çünki onuň hyýaly Osman döwletini dünýä derejesinde güýçli döwlete öwürmek, güýjüne güýç goşmakdy.
Mehmet 2-njiniň hyýalynyň öňündäki ýeke-täk bökdençlik Gündogar Rim imperiýasynyň häkimiýeti astyndaky Stambulyň türkleriň elinde bolmazlygydy. Stambul sebitiň esasy söwda we medeniýet şäheri, şol bir wagtda-da prowaslaw buthanasynyň merkezidi.
Geografik ýerleşişi, dini merkez bolmagy, söwda we medeniýet taýdan dünýäniň iň bir belli şäherlerinden biri bolmagy Stambulyň ähmiýetini hasam artdyrýardy. Osman döwletiň dünýä döwleti bolmagynyň ýoly Stambuly zabt etmekden geçýärdi we Mehmet 2-nji hem oňa gowy düşünýärdi.
İne şol sebäpli tagta çykan badyna Stambulyň zabt edilmegi üçin taýarlyklary başladýar. Günbatarly döwletleriň ony ýaş we tejribesiz görmeklerine, Osman döwletiniň käbit wezirleriň entek taýar däldigini aýtmaklaryna seretmezden Mehmet 2-nji Stambuly zabt etmekde ygrarlydy.
İne şol kararlylyk bilen taýarlyklara başlaýar.
İlkinji nobatda atasy Ýyldyrym Beýazydyň gurduran Anadoly galasynyň edil garşysyna Rumeliýe galasyny gurduryp, deňiz ýolundan geçişleri gözegçilik astyna alýar.
Ýewropadan Osman döwletiniň güýjüni bölmek üçin guralyp biljek hüjümlere garşy goşmaça güýç ugradyp, howpsuzlygyny berkidýär. Stambulyň galyň we beýik diwarlaryny ýykmak üçin ýörite toplar guýdurýar. Özi tarapyndan dizaýn edilen gülleleri ýasadýar. Gury ýerde, deňizde, goşunyň düzüminde köp sanly taýarlyklary tamamlap, gabaw üçin taýarlyklary tamamlaýar.
Taýarlyklaryň tamamlanmagyndan soň Wizantiýanyň şasyna ilçi ugradyp, şäheriň tabşyrylmagyny soraýar. Alan oňaýsyz jogagy sebäpli 1453-nji ýylyň 6-njy maýynda Stambuly gabaw astyna almaga başlaýar. Osman döwletiniň ýeňiş gazanma ähtimallygy ýokarladygy saýyn Wizantiýanyň şasyndan gabawyň aýrylmagy şerti bilen salgyt bermegi öz içine alýan teklipler gelmäge başlaýar. Emma Mehmet 2-nji ol teklipleri kabul etmeýär.
Birnäçe gün dowam eden gabaw 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda Stambulyň zabt edilmegi bilen tamamlanýar.
Birnäçe näçe gün dowam eden gabawdan soň 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda söweş Osman imperiýasynyň ýeňişi bilen tamamlanýar.
“Ýa men seni alaryn, ýa-da sen meni” diýen Mehmet 2-nji Stambuly zabt edýär. Ol indi Soltan Mehmet 2-nji däl, eýsem Fatih Soltan Mehmetdi.

Zabt edişlikden soň Fatih Soltan Mehmet Stambulyň ozalky eýelerine gowy çemeleşýär. Şäherde emele gelen baş-başdaklyk howsala görülen çäreler bilen köşeşýär, howpsuzlyk üpjün edilýär. Fatih Soltan Mehmet greklere patriarhlaryny saýlamaga hukuk berýär. Hristiýanlar bilen musulmanlaryň arasynda doly ylalaşygy üpjün etmek üçin täze patriarhy nahara çagyrýar. Patriarhlyk hasasyny we täjini öz eli bilen gowşurýar. Grekler bilen birlikde ýehudi we ermeni jemagatlaryna-da gowy çemeleşýär.

Stambulyň zabt edilmegi taryhda uly özgerlişikleri emele getirýär. 1058 ýyldan bäri höküm süren Gündogar Rim imperiýasy synýar. Osman döwleti bolsa imperiýa öwrülýär. Stambulyň Osman imperiýasynyň ilkinji paýtagaty bolýar.
Osman döwleti yslam dünýäsindäki abraýyny hasam beýgeldýär, günbatarlylar tarapyndan uly howp hökmünde görülmäge başlanýar.
Gündogar rimli alymlaryň Stambulyň zabt edilmeginden soň günbatara gaçmaklary, ýanlarynda alyp giden kitaplaryny terjime edip ýaýratmaklary, köne maglumatlary ýüze çykarmaklary soňky ýyllarda Ýewropada amala aşyryljak özgertmeleriň we ronnesansyň gözbaşyny emele getirýär.
Ýüpek ýoly söwdasynyň türkleriň eline geçmegi bilen başga söwda ýollary hem gözlenmäge başlanýar, şol gözlegler täze geografik açyşlaryň edilmegine sebäp bolýar.
Netijede Stambulyň Soltan Fatih Mehmet tarapyndan zabt edilmegi hem günbatar, hem-de gündogar dünýäsi taýdan taryhda çuňňur yz galdyran waka boldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar