Ýewropa Geňeşiniň Döredilen Gününe Bagyşlanan Ýörite Gepleşik

Ýewropa Geňeşi Ýewropada ýaşaýanlar üçin näme many aňladýarka?

Ýewropa Geňeşiniň Döredilen Gününe Bagyşlanan Ýörite Gepleşik

Türkiýe iňlisçe okalşy bilen “Konsyl of Ýurup” ýa-da fransuzça okalşy bilen “Konseý dö Lörup” bolan Ýewropa geňeşine 1949-njy ýylda agza bolan hem bolsa, ÝB-ne agza derejesine eýe däl.

Fransiýanyň Strazburg şäherine gidenleriň ünsüni çeken kaşaň binasy bilen adynda Ýewropa sözi bolan Ýewropa Geňeşi Ýewropada ýaşaýanlar üçin näme many aňladýarka?

1949-njy ýylda Ýewropa derejesinde döredilen Guramanyň maksady adam hukuklaryny, demokratiýany we hukugyň üstünligini goramak.

Wezipesi adam hukuklarynyň goragçysy, bir manyda materigiň wyždany bolmak. Şol çäkde Ýewropa Geňeşiniň düzümlerinden biri bolan Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýeti ady ýygy-ýygydan eşidilýär.

Türkiýäniň Ýerwopa geňeşi bilen edýän hyzmatdaşlygynyň esasy ugruny Ýewropanyň adam hukuklary kazyýeti emele getirýär. Kazyýetiň ygtyýary Türkiýäniň konstitutsiýasynyň 90-njy maddasynda beýan edilşi ýaly milli hukukdan ýokarda durýar. Ýagny başlangyç hukuklar we azatlyklar baradaky milli kanunlaryň halkara adam hukuklary şertnamalaryndaky hökümler bilen gabat gelmän halatynda halkara şertnamalaryň hökümlerine görä çemeleşilýär. Şeýlelikde Türkiýedäki hukuk ulgamy 47 ýurt tarapyndan taýarlanan we ygtyýaryny Ýewropanyň Adam Hukuklary Baradaky Şertnamasyndan alýan Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň adam hukuklary boýunça karary bilen yzgiderli utgaşyklykda kämilleşýär. Şol çäkde diňe Türkiýe barasynda Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetinde kabul edilen karar däl, beýleki ýurtlar bilen bagly kararlar bilen hem gyzyklanylýar we gerek bolan halatynda Türkiýäniň kanunçylygyna girizilip bilinýär.

Adam hukuklary adalgasy, umuman şahslaryň adam bolandyklary sebäpli adamkärçilik buýsanjyna laýyklykda eýe bolan hukuklarynyň ählisi hökmünde kesgitlenilýär. Şol hukuklar giň manyda içerki hukukda başlangyç hukuklaryň we jemgyýetçilik azatlyklarynyň ählisini we halkara hukugunda göz öňünde tutulýan hem-de hemaýat astyna alynan hukuklary öz içine alýar. Ähli adamlary gyzyklandyrýandygy sebäpli şol hukuklaryň halkara derejesinde hemaýat astyna alynmagy möhüm. Adam hukuklarynyň halkara derejesinde hemaýat astyna alynmagy ugrundaky işler 19-njy asyryň ahyrlarynda we 20-nji asyrda alynyp baryldy. Halkara hukugunyň adam hukuklaryny umumy görnüşde kabul etmegi BMG-nyň konwensiýasy bilen amala aşyrylýar. Şol konwensiýa adam hukuklaryndan ýygy-ýygydan söz edýändigine seretmezden olaryň nämelerden ybaratdygy barasynda düşündiriş bermeýär. İne şol sebäpli BMG-da Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşe tabynlykda Adam hukuklary komissiýasy döredilýär we şol ugurda iş alyp barmak jogapkärçiligi berilýär. Komissiýanyň şol maksada laýyklykda taýarlan taslamasy 1948-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň karary bilen Adam Hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy hökmünde ykrar edilýär. Şol jarnamanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň karary hökmünde haýsydyr bir hökmüniň bolmazlygy we haýsydyr bir kepillendiriş mehanizminiň döredilmändigi sebäpli jarnamadan soňky taýarlyklar şol kemçilikleri ortadan aýyrmagy göz öňünde tutupdyr. Şol çäkde iki derejeli täze üýtgetmelere gabat gelinýär. Olar: ähliumumy derejede “Şahsy we syýasy hukuklar barasyndaky şertnama” we “Ykdysady, jemgyýetçilik we medeni hukuklar barasyndaky şertnama”, sebitleýin derejede “Amerika-Afrika Adam hukuklary konwensiýasy” we “Ýewropa Adam Hukuklary Şertnamasy” arkaly ýola goýlupdyr.

Ýewropanyň Adam Hukuklary Şertnamasy beýlekilerden tapawutly. Şol sebäpli hem adam hukuklarynyň konstitutsiýasy hökmünde kabul edilýän şertnama hem Ýewropanyň Adam Hukuklary Şertnamasydyr. Şol tapawutlylyga sebäp bolan özboluşlyklar; tekstdäki maddalaryň aç-açan bolmagy, anyk, giň gerimli, gönüden iş ýüzüne geçirilip bilinýän düzgünleriniň bolmagy.

Eýsem, adam hukuklarynyň goralmagy maksady bilen bir sany kazyýet organy bolan we döredilen gününiň 65 ýyllygy bellenilip geçilýän Ýewropa Geňeşi materigiň wyždanyna öwrülip bildimikä?

Döredilmegindäki esasy maksady adam hukuklaryny we demokratiýany goramak bolan guramanyň agzalarynyň arasynda adam hukuklaryny basgylaýandygy bilen tanalýan döwletleriň bolmagyny düşündirmek kyn. Guramanyň şol sebäpli berk tutum tutmazlykda aýyplanýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek.

Ýewropa Geňeşiniň konstruktiw taýdan materigiň wyždany bolup bolmandygy belki jedelli mesele, emma 2009-njy ýylda 5 ýyllyk möhlet bilen Geňeşiň baş sekretarlygyna saýlanan Torbiýorn Ýagland üçin ol jedelsizdir.

Häzirki wagtda ykdysady çykgynsyzlyga garşy göreşýän Ýewropa has möhüm mesele barasynda duýduryş berýär: Esasy mesele daşary ýurtly duşmançylygy we rasiszm. Ýagland hem oňa doly göz ýetirýär we şeýle diýýär: “Bosgunlar täze energiýanyň we täze pikirleriň gözbaşydyr. Ýewropa hem dünýäde bäsleşikçi bolmak isleýän bolsa oňa mätäçdir.”

Ýagland, Ýewropa Geňeşine degişli internet gazetinde berlen interwýusynda etniki we dini köpdürliligiň jebisleşdirilmelidigini nygtaýar. Ýagland “Häzirki döwürde adamlar birden köp şahsyýete eýe bolmak isleýärler. Jemgyýetler köpdürlilige gujak açmaly we bir adamyň “ýarym ýewropaly”, “türk-nemes, Demirgazyk Afrikaly fransuz ýa-da aziýaly iňlis bolup biljekdigini kabul etmeli” diýär we belkem Ýewropadaky rasizmiň hem-de daşary ýurtly duşmançylygynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirilip bilinjek iň ýönekeý çykalgany hödürleýär:

“Köpdürlilige sözü doly manysynda gujak açmak üçin uzak möhletden bäri ýaşaýanlar raýatlyga kabul edilmeli. Dini, medeni ýa-da etniki gelip çykyşa seretmezden şahslar kanunlaryň, guramalaryň we raýatlaryň öňünde deň derejede kabul edilmeli. Edil şonuň ýaly-da her bir şahs hukugyň üstünligine we Ýewropanyň şahsyýetini emele getirýän gymmatlyklara sarpa goýmaly.”

Baş sekretar Ýagland Ýewropanyň syýasy liderlerine çagyryş edýär we daşary ýurtly duşmançylygyna garşy göreşmeklerini we saýlawçylara “hakykaty düşündirmeklerini” isleýär.

Ýewropa elmydama köp dinli, köt etniki materik bolandyr. Emma materigimiziň köp medeniýetli mozaikasyny ykrar etmek ýeterlik däl. Oňa gujak açylmaly”

Dogry söze diýere zat ýok!

Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetinde üýşen delolaryň gysga möhletde Ýewropa döwletlerini üýtgetmejekdigi, adam hukuklarynyň basgylanmagynyň gysga möhletde ortadan aýrylmajakdygy hemmelere mälim.

BMG-nyň başda durmagynda Halkara guramalarynyň hem öz içinde kynçylyklary başdan geçirýändigi, belli döwletleriň güýçleri sebäpli “has mamla” bolýandyklary hemmelere aýan.

Emma baş sekretar Ýaglandyň sözleriniň henizem täsir döretme ähtimallygyny umyt etmek isleýäris.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar