"Magtymguly we Dünýä Medeniýeti" atly halkara ylmy maslahaty

“Magtymguly we Dünýä Medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty 7-nji aprelde dabara bilen açyldy

"Magtymguly we Dünýä Medeniýeti" atly halkara ylmy maslahaty

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Halkara Uniwersitetler Bileleşiginiň, Fatih Uniwersitetiniň we Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň guramagyndaky “Magtymguly we Dünýä Medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty 7-nji aprelde dabara bilen açyldy.

Maslahaty açan Fatih Uniwersitetiniň rektory Şerif Ali Tekalan; Magtymgula bagyşlanan halkara maslahatynyň öz uniwersitetlerinde geçirilmeginiň özlerini buýsandyrýandygyny nygtap, Orta Aziýada ösüp ýetişen ägirtler bilen birlikde türkmeniň beýik akyldary Magtymgulynyň hem dünýä derejesinde tanalýan pelsepeçi şahyrdygyny aýtdy.
Şeýle ylmy maslahatlaryň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýandygyny aýdan rektor Şerif Ali Tekalan, ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlap, olara üstünlik arzuw etdi.
Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Orazmuhammet Çaryýew bolsa, beýik pelsepeçi, şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän çärelerden biriniň doganlyk ýurt Türkiýäniň Stambul şäheriniň Fatih Uniwersitetinde geçirilmeginiň özleri üçin uly many aňladýandygyny, bu çäräniň Magtymgulynyň pelsepesine laýyk gelýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýusup Hekimow hem “Magtymguly we Dünýä Medeniýeti” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary gutlap, doglan gününiň 290-njy ýylynda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp dünýäniň köp sanly ýurdunda ylmy maslahatlaryň, konsert programmalarynyň, okuw-seminarlarynyň guralandygyny, şolardan biriniň hem üstümizdäki aýyň 7-9-y aralygynda Stambul şäheriniň Fatih uniwersitetinde geçirilýändigini aýtdy.

Ýusup Hekimow çykyşynda Magtymgulynyň peselepesi, dünýä garaýşy, şygyryýeti barasynda durup geçdi. Şeýle-de bu ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlap, olara üstünlik arzuw etdi.
Professor doktor Abdurrahman Güzel bolsa ylmy maslahatyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde, soňky döwürde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlaryň sanynyň artýandygyny, onuň özlerini buýsandyrýandygyny nygtap, türkmen alymlary bilen birlikde Magtymgulynyň Diwanyny türk diline terjime edendiklerini aýtdy. Abdurrahman Güzel; Magtymguly bilen bagly ylmy barlaglary, derňewleriň dünýäniň dürli ýurtly bilen birlikde Türkiýede-de ýaýbaňlaşýandygyny, indi Magtymgulynyň diňe bir türkmen şahyry däl, eýsem dünýä şahyry hökmünde tanalýandygyna ünsi çekdi.
Açylyş çykyşlaryndan soň bolsa ylmy maslahat gatnaşyjylar öz dokladlary bilen çykyş edip, Magtymguly Pragynyň şygyryýeti, pelsepesi we durmuşyň beýleki ugurlary bilen bagly taraplaryny seljerýän ylmy işlerini gürrüň berdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar