Türk dünýäsiniń täze ýüzü, täze sesi bolan TRT AWAZ ýaýlymda
Balkanlardan Orta Aziýa, Ýakyn Gündogarda Kawkaza çenli 27 döwletde we 13 awtanom respublikada 250 milliona golaý ilatly geografiýa niýetlenen TRT AWAZ, türk, azerbaýjan, gazak, gyrgyz, özbek we türkmen dillerinde taýarlanan gepleşikleri efire berer. Şol gepleşikler ady agzalan ýurtlardan gelen alyp baryjylar tarapyndan taýarlanar.
Türk dünýäsiniń umumy sesi bolan TRT AWAZ efire beriljek seriýallar, aýdym-sazly gepleşikler, medeniýet, sungat, dokumental filmler, habar we bilelikdäki teleköpriler bilen siziń göwnüńizden turar.
Ýaýlymyń niýetlenen geografiýasyndan alynan sýužetler şol dillerde aşagyndan Türkçe ýazgylar bilen dykgatyńyza hödürlener.
TRT-AWAZ-yń 24 sagat esasynda birnäçe dilde beriljek gepleşikleri bilen bütin sebitde tomaşa edilmegi göz öńünde tutýar.
TRT-AWAZ-yń ýaýlym gińişligi (hemra arkaly)
Türksat 3A
Ýygylyk : 11096
Polorizasiýa : Gorizontal
Simwol : 30000
Fek : 5/6
Gińişlik : Gündogar
Ýamal 201 (90° East )
Ýygylyk : 3553 MHz
Polorizasiýa : Sag
Simwol : 5820
Fek : ¾
Türkiýede Digiturkde 57-nji kanalda, D-Smratda, Türksat kabelli tw digital platformada berilýär. Gysga wagtda analogdanda hem beriler.
Ýaýlyń gińişliginde Hytaýyń Uýgur awtanomiýasy, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Owganystan, Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Moldowa, Gürjistan, Siriýa, Yrak, Eýran, Bolgariýa, Gresiýa, Balkan ýurtlary, Gündogar Ýewropa ýurtlary orun aýlar.
Şol sanda Türki dilli döwletlerden Azerbaýjanda, Özbegistanda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda kabel arkaly ýaýlym berýän firmalar arkaly tomaşaçylaryna ýetirilýär.
TRT-AWAZ şu aşakdaky milli we kabel arkaly ýaýlym berýän firmalaryń üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.
• Gazagystan : Alma tw
• Gyrgyzystan : Ala tw
• Özbegistan : Kamalak tw
Balkanlarda bolsa,
KUÝTESA : Kosowada 60 müń abunasy bolan kabelli ýaýlym firmasydyr. Täze formatymyz hem şol ulgamda täze ady bilen orun alar.
ABKOM : Priştinadaky 2-nji uly kabelli ýaýlym firmasydyr. TRT-AWAZ şol şirketiń ulgamynda tomaşaçylara ýetiriler.
KABLETEL : Makedoniýada kabel arkaly ýaýlym berýän KABLETEL-de hem TRT-AWAZ-a tomaşa edilip biliner.